Ugurlara üýtgetmeleriň girizilýändigini Siziň dykgatyňyza ýetirýäris

21-nji “Teke bazar – Saglyk ýoly”, 49-nji “Teke bazar – Eks.baza”, 51-nji “Teke bazar – Herrikgala” hem-de 59-njy “Teke bazar – Köpetdag şaýoly”

“Türkmenawtolaglary” agentligi, ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak hem-de kärhananyň ykdysady taraplaryny nazara almak maksady bilen, 2020-nji ýylyň 22-nji oktýabryndan, 21-nji “Teke bazar – Saglyk ýoly”, 49-nji “Teke bazar – Eks.baza”, 51-nji “Teke bazar – Herrikgala” hem-de 59-njy “Teke bazar – Köpetdag şaýoly” ugurlary boýunça gatnaýan awtobuslaryň hereket edýän ugurlaryna üýtgetmeleriň girizilýändigini Siziň dykgatyňyza ýetirýär. 

  • 21-nji “Teke bazar – Saglyk ýoly” ugur boýunça awtobus “Teke bazar” belleniş nokadyndan ugraýar hem-de “D.Azady – A.Nyýazow şaýoly – Görogly köçesi – Bekrewe köçe – Köpetdag şaýoly – Ýanbaş obasy – Arçabil şaýoly” bilen hereket edip, “Saglyk ýoluna” barýar hem-de yzyna “Saglyk ýolundan” ugraýar hem-de “Arçabil şaýoly – Ýanbaş obasy – Köpetdag şaýoly – Bekrewe köçesi – Görogly köçesi – A.Nyýazow şaýoly – M.Kösäýew köçesi” bilen hereket edip, “Teke bazar” belleniş nokadyna gelýär.
  • 49-njy “Teke bazar – Eks.baza” ugur boýunça awtobus “Teke bazar” nokadyndan ugraýar hem-de “M.Kösäýew – H.Annadurdyýew köçesi – Görogly köçesi – A.Annaýew köçesi – Gurbansoltan eje şaýoly – Taslama köçesi – Görogly köçesi” bilen hereket edip “Eks.baza” barýar hem-de yzyna “Eks.bazadan” ugraýar hem-de “Görogly köçesi – Taslama köçesi – Gurbansoltan eje şaýoly –Agzybirlik köçesi – A.Annaýew köçesi – Görogly köçesi – A.Nyýazow şaýoly – M.Kösäýew köçesi” bilen hereket edip, “Teke bazar” belleniş nokadyna gelýär. 
  • 51-nji “Teke-bazar – Herrikgala” ugur boýunça awtobus “Teke bazar” belleniş nokadyndan ugraýar hem-de “M.Kösäýew – H.Annadurdyýew köçesi – Görogly köçesi – Ýalkym köçesi – Gurbansoltan eje şaýoly – A.Ataýew köçesi – Gurbansoltan eje şaýoly – A.Goçanow köçesi” bilen hereket edip “Herrikgala” barýar hem-de yzyna “Herrikgaladan” ugraýar hem-de “Garaşsyzlyk köçesi – Gurbansoltan eje şaýoly – Ýalkym köçe – Görogly köçesi – A.Nyýazow şaýoly – M.Kösäýew” bilen hereket edip, “Teke bazar” belleniş nokadyna gelýär.
  • 59-njy “D.Azady – A.Nyýazow şaýoly – Görogly köçesi – Bekrewe köçe” bilen hereket edip “Köpetdag şaýolyna” barýar hem-de yzyna “Köpetdag şaýolyndan” ugraýar hem-de “Bekrewe köçesi – Görogly köçe – A.Nyýazow şaýoly  – M.Kösäýew” bilen hereket edip, “Teke bazar” belleniş nokadyna gelýär.

 Habarlaşmak üçin telefon belgiler : 28-60-30, 28-60-80.