“Türkmenawtolaglary” agentligi, ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak hem-de kärhananyň ykdysady taraplaryny nazara almak maksady bilen, 2020-nji ýylyň 26-nji oktýabryndan, 45-nji “Teke bazar – Gökdere” ugry boýunça gatnaýan awtobusyň hereket edýän ugryna üýtgetmeleriň girizilýändigini Siziň dykgatyňyza ýetirýär.
45-nji “Teke bazar – Gökdere” ugur boýunça gatnaýan awtobus ugryna 2020-nji ýylyň 26-nji oktýabryndan, ugryň gatnawyna üýtgetmeler girizilip “Gurtly – Gökdere” ugry bilen gatnajakdygyny Siziň dykgatyňyza ýetirýäris.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler : 28-60-30, 28-60-80.