Türkmen-gazak gatnaşyklary

2020-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan

Türkmen-gazak gatnaşyklaryndaky hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alyp, ýurdumyzyň eksport-import mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň gözegçilik-geçiriş ýerinden halkara ýük daşamalarynyň Düzgünlerine laýyklykda, birinji tapgyr hökmünde Garabogaz-Temirbaba gözegçilik-geçiriş ýerlerinden 2020-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan 7-nji noýabry aralgynda türkmen hem-de daşary ýurt awtoulag tirkegleriniň synag görnüşde galtaşyksyz geçirilmegi ýola goýuldy.