Hormatly ýolagçylar!

75-nji «Awtomenzil – Gurtly»

«Türkmenawtoulaglary» agentligi, ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2020-nji ýylyň 23-nji sentýabryndan 75-nji «Awtomenzil – Gurtly» ugry boýunça gatnaýan awtobuslaryň hereket edýän ugurlaryna üýtgetmeleriň girizilýändigini Siziň dykgatyňyza ýetirýär.
75-nji «Awtomenzil – Gurtly» ugry boýunça awtobus «Awtomenzil»  belleniş nokadyndan ugraýar hem-de A.Nyýazow şaýoly – H.A.Ýasawy köçe – Bitarap Türkmenistan şaýoly – Gurbansoltan eje şaýoly – Ruhabat köçe bilen hereket edip, «Gurtly» belleniş nokadyna barýar hem-de yzyna «Gurtly» belleniş nokadyndan ugraýar we Ruhabat köçe – Gurbansoltan eje şaýoly – Bitarap Türkmenistan şaýoly – H.A.Ýasawy köçe – A.Nyýazow şaýoly bilen hereket edip, «Awtomenzil» belleniş nokadyna gelýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 28-60-30, 28-60-80