“Türkmenawtoulaglary” agentligi

64-nji “Teke bazar – Ruhabat – Gypjak” we 96-njy “Teke bazar – Täze Zaman”

«Türkmendemirýollary» agentliginiň Ýol we desgalar edarasynyň resmi habar bermegine görä, Aşgabat-Gypjak aralygynda Demir ýol geçelgesinde wagtlaýyn abatlaýyş işleriniň  geçirilýändigi sebäpli, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy 2020-nji ýylyň 8-10-njy sentýabry aralygynda,  64-nji «Teke bazar-Ruhabat-Gypjak» we 96-njy «Teke bazar-Täze Zaman»  awtobus ugurlaryna wagtlaýyn üýtgetmeleriň girizilýändigini Siziň dykgatyňyza ýetirýär:

64-nji «Teke bazar-Ruhabat-Gypjak» ugry boýunça awtobuslar «Teke bazar» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de A.Gowşudow köçe-Magtymguly şaýoly-Aba Annaýew köçe-Gurbansoltan eje şaýoly-Dostluk köçe-R.Baýnyýazow köçe-Görogly köçe-Bitaraplyk köçe bilen hereket edip, «Täze Zaman» ýaşaýyş jaý toplumyna barýar hem-de yzyna «Täze Zaman» ýaşaýyş jaý toplumyndan ugraýar we Bitaraplyk köçe-Atamyrat köçe-R.Baýnyýazow köçe-Dostluk köçe-Gurbansoltan eje köçe-Gurbansoltan eje şaýoly-Aba Annaýew köçe-Magtymguly şaýoly-A.Nyýazow şaýoly-M.Kösäýew köçe-Mahmyt Kaşgary köçe bilen hereket edip, «Teke bazara» belleniş nokadyna gelýär.

96-njy «Teke bazar-Täze Zaman» ugry boýunça awtobuslar «Teke bazar» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de A.Gowşudow köçe-Magtymguly şaýoly-Aba Annaýew köçe-Gurbansoltan eje şaýoly-Dostluk köçe-Bitaraplyk köçe bilen hereket edip, «Täze Zaman» ýaşaýyş jaý toplumyna barýar hem-de yzyna «Täze Zaman» ýaşaýyş jaý toplumyndan ugraýar we Bitaraplyk köçe-Dostluk köçe-Gurbansoltan eje köçe-Gurbansoltan eje şaýoly-Aba Annaýew köçe-Magtymguly şaýoly-A.Nyýazow şaýoly-M.Kösäýew köçe-Mahmyt Kaşgary köçe bilen hereket edip, «Teke bazara» belleniş nokadyna gelýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 28-60-30; 28-58-13;