Hormatly ýolagçylar!

77-nji ugur «Awtokombinat – Teke bazar»

«Türkmenawtoulaglary» agentligi, ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2020-nji ýylyň 4-nji sentýabryndan 77-nji «Awtokombinat – Teke-bazar» ugur boýunça gatnaýan awtobuslaryň hereket edýän ugurlaryna üýtgetmeleriň girizilýändigini Siziň dykgatyňyza ýetirýär.

  •  77-nji «Awtokombinat – Teke bazar» ugur boýunça awtobus «Awtokombinat»  belleniş nokadyndan ugraýar hem-de A.Nyýazow şaýoly – B.Annanow köçe – H.A.Ýasawy köçe – A.Nyýazow şaýoly – A.Berdiýew köçe – N.Andalyp köçe – Magtymguly şaýoly – A.Gowşudow köçe bilen hereket edip, «Teke bazar» belleniş nokadyna barýar we yzyna «Teke bazar» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de A.Gowşudow köçe – Magtymguly şaýoly – N.Andalyp köçe – A.Berdiýew köçe – A.Nyýazow şaýoly – H.A.Ýasawy köçe – B.Annanow köçe – A.Nyýazow şaýoly bilen hereket edip, «Awtokombinat» belleniş nokadyna gelýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 28-60-30, 28-58-13.