Hormatly senagatçylar we telekeçiler, şeýle hem ýük gatnawjylar we ekspeditorlar!!!

Biz  2020-nji ýylyň 11-12-13-nji iýulynda Türkmenistanyň “Sarahs (Türkmenistan)-Sarahs (Eýran)” gözegçilik-geçiş nokadynda Türkmenistana gatnawlaryny amala aşyrýan daşary ýurt ýük awtoulag serişdelerini synag görnüşinde goýberjekdigimiz baradaky habary siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

Şunlukda hem, Türkmenistanyň çägine diňe tirkeg we ýarym-tirkeg görnüşlileri goýberiler we olaryň bellenilen ýerine we yzyna eltilmesini türkmen eýerli çekiji tarapyndan amala aşyrylar. 
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 (12) 390250, +993 65 500330.