AWTOULAGDA HOWPLY ÝÜKLERI DAŞAÝJYLARYŇ DYKGATYNA

  • 28 Dekabr 2018

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň garamagyndaky Awtomobil mekdepleriniň birleşigi tarapyndan, «Howply ýükleri daşamak üçin sürüjileri taýýarlamak boýunça okuw Meýilnamasy» esasynda okuwlar geçirilýär.

                                          Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 76-04-93, 76-04-92.

 

AWTOULAGDA HOWPLY ÝÜKLERI DAŞAÝJYLAR!

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 31-nji iýulyndaky 881-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanda howply ýükleri awtoulagda daşamagyň düzgünleri - howply ýükleriň we bu howply ýükleri daşaýan awtomobil ulag serişdeleriniň degişliligine garamazdan, awtomobil ýollarynda awtoulag serişdeleri bilen howply ýükleri daşamagyň tertibini kesgitleýär. Şu Düzgünler howply ýükleri daşaýan ähli ýük daşaýjylar üçin hökmanydyr we daşama işlerine gatnaşyjylaryň özara gatnaşygyny, olaryň hukuklaryny, borçlaryny we jogapkärçiligini düzgünleşdirýär hem-de howply ýükleri daşamaga bildirilýän talaplary, hereketiň howpsuzlygyny üpjün  etmek boýunça  şertleri,  ýükleriň  abatlygyny we howply ýükleriň ýokary hilli daşalmagyna bildirilýän beýleki kadalary kesgitleýär.

Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 2361-njy maddasyna laýyklykda, ulag serişdeleriniň sürüjileriniň howply ýükler daşalanda ýoluň kesgitlenen ugrundan rugsatsyz çykmagy binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär we bu hukuk bozulmasy üçin administratiw temmisi ulanylandan soň onuň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi binýatlyk mukdarynyň bäşisinden onusyna çenli hem-de 237-nji maddasynyň 4-nji bölegine laýyklykda awtomobil ulagynda howply ýükleri daşamagyň bellenilen tertibiniň bozulmagy fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisine, wezipeli adamlara ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.