Awazada ulag ministrleriniň gatnaşmagynda geçirilen halkara maslahatda bilelikdäki Deklarasiýa kabul edildi

  • 24 Dekabr 2018

28-nji noýabrda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýa Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga (“Lapis Lazuli” ugry boýunça ylalaşyk) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahaty geçirildi.
Halkara maslahatynyň açylyş dabarasyna ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýokary wezipeli işgärleri, bilermenler, maýadarlar, abraýly guramalaryň, bank düzümleriniň, ulag, logistika hem-de ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Ýagup Eýýubowyň belleýşi ýaly, şu gezek geçirilýän maslahat aýratyn ähmiýete eýedir, çünki ösüşiň innowasion ýoluna geçmegiň şertlerinde ulaglar ykdysady ösüşiň ähmiýetli şertleriniň biridir. Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Açilbaý Ramatow bolsa ýurtlarymyzyň arasynda ulag hyzmatdaşlygynyň işjeňleşmegi netijesinde, sebitimiz dünýä söwda dolanyşygyna goşulýar, bu bolsa hereket edýän ulag geçelgelerini ösdürmek hem-de halkara bazarlaryna çykalgany üpjün edýän täze ugurlary döretmek üçin sebitiň ulag-üstaşyr kuwwatyny peýdalanmaga ýardam edýär diýip, pikirlerini beýan etdi.
Türkiýe Respublikasynyň ulag we infrastruktura ministri Mehmet Jahit Turhan öz nobatynda Lapis Lazuli ulag-üstaşyr geçelgesiniň şu taslama gatnaşýan ähli ýurtlaryň ykdysady taýdan ösmegi üçin ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. 
Lapis Lazuli üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga gatnaşyjylaryň geçirýän işleri netijesinde, Owganystanyň dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmagy baradaky mesele Owganystan Yslam Respublikasynyň ulag ministri Mohammad Hamid Tahmasiniň çykyşynda bellenildi. Ol öz ýurdundaky ýagdaýyň durnuklaşmagy üçin Türkmenistanyň örän uly goşandynyň bardygyny nygtady.
Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary Akaki Sagiraşwiliniň öz çykyşynda belleýşi ýaly,“Lapis Lazuli” geçelgesi birwagtda öz ulag düzümlerini ösdürýän ýurtlarymyzyň ägirt uly üstaşyr-ulag kuwwatyny amala aşyrmaga mümkinçilik berer.
Maslahatyň mejlisleriniň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Türkmenistanda howa gatnawynyň, deňiz gämiçiliginiň, demir ýol pudagynyň hem-de awtoulag ulgamynyň dürli halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň, ilkinji nobatda bolsa, Lapis Lazuli multimodal ulag geçelgesiniň amala aşyrylmagyna goşýan goşandy babatda bu ulgamlaryň ösdürilişine aýratyn üns berdiler.
Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, döwrebap howa menziller ulgamynyň döredilmegi Türkmenistanyň mundan beýläkki ykdysady ösüşiniň hem-de dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagynyň, halkara söwda gatnaşyklaryny giňeltmegiň we işjeňleşdirmegiň möhüm ýagdaýydyr.
Maslahata gatnaşyjylar forumyň netijelerini jemläp, halkara ulag geçelgeleriniň dünýä ykdysadyýetini globallaşdyrmagyň esasy guralyna öwrülendigini bellediler. Forumyň ahyrynda çäginden Lazurit ýoly geçýän döwletleriň ulag hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny beýan eden jemleýji resminama gol çekildi.