Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat - Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň taslamasy bilen tanyşdy

  • 25 Dekabr 2018

17-nji dekabrda geçirilen göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew döwlet Baştutanyna Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň geçjek ugrunyň umumy çyzgysy we onuň tehniki aýratynlyklary barada şekiller arkaly hasabat berdi. Bu ýoluň ugrunda tölegli terminallary, myhmanhanalary, awtoduralgalary we beýleki inžener-kommunikasiýa degişli desgalary bolan dynç alyş ýerlerini döretmek meýilleşdirilýär.

Taslama laýyklykda, umumy uzynlygy 600 kilometre, ini bolsa 34 metre barabar bolan bu ýol ýokary halkara ölçegler esasynda abadanlaşdyrylar. Onuň ugrunda tehniki hyzmat bölümleri, ýol hyzmat gulluklary göz öňünde tutuldy.

Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň çekilmegi logistiki hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, halkara ulag-üstaşyr düzümi giňeltmäge, goňşy ýurtlaryň arasynda söwda dolanyşygyny, eksport we üstaşyr harytlaryň mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berer diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de hödürlenilen taslama boýunça alnyp barylýan guramaçylyk işlerini makullap, wise-premýere ony iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ähli meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri gurluşyk we beýleki degişli işleriň ýokary hilli hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi.