Ýüküni özi düşürýän “Kamaz” kysymly awtomobilleri Awtomobil ulaglary ministrliginiň ulaglar parkynyň üstüni ýetirer

  • 07 Fewral 2018

Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuna Russiýanyň “Kompozitor Rahmaninow” atly awtomobil gämisi bilen “Kamaz” kysymly ýüküni özi düşürýän awtomobilleriň 42-si getirildi. Olar Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasyna tabşyran 250 awtomobilinden ilkinjileridir. 

Üç palubaly gämi 20 tonnalyk awtomobilleri Astrahandan Türkmenbaşa tehniki saz ýagdaýda getirdi. Köp ýük göterýän bu ulaglar iki topar bolup portdan ugrarlar: olaryň 30-sy Mary welaýatyna, 12-si bolsa Ahal welaýatyna gider. 

“Kamazlaryň” indiki tapgyrlarynyň şu ýylyň dowamynda getirilmegine garaşylýar. Olar Awtomobil ulaglary ministrliginiň kärhanalarynyň maşyn parkynyň üstüni ýetirmek üçin welaýatlaryň ählisine paýlanylar.