Orta asyrlaryň ilçileri, syýahatçylary we täjirleri Günbatar hem-de Gündogar baradaky düşünjeleriň çägini giňeltdiler

  • 08 Fewral 2018

Ýüpek – külalyň guraly, tigir, hat ýazuwy we pul kimin dünýäni özgerden, ony diňe bir has siwilizlenen derejä çykarman, eýsem gözel eden zatlaryň biridir. Inçeden nepis sapajyklardan dokalan ýalpyldap duran, ýeňil hemtene ýakymly bu matany baryp eneolit eýýamynda Hytaýda ýüpek gurçugyndan almagyň tärini tapypdyrlar. Bu jadyly mata barada Hytaýdan has alyslarda-da bilinip, ony beýleki ýurtlarda hem öndürip başlaýançalar üç müň ýyl geçipdir. Gadymy döwürlerde hem, Orta asyrlarda hem ol gaýry ýurtlaryň şalary üçin gymmat sowgat-serpaý bolupdyr. Şeýle peşgeşler hakda maglumatlar kän. Mysal üçin, gadymny hytaý sene ýazary Syma Sýan 1100 ýyl mundan ozal Parfiýa çenli gelip ýeten tanymal ilçi we “Günbatara ilki ýol açan” Çžan Sýan ýurduna dolanyp barandan soň Udi imperatora “günbatar ýurtlary” barada gürrüň berendigini habar berýär. Tizara şol ýurda hytaý ilçileri ugradylýar, olar sowgat-peşgeş diýip altyndyr beýleki gymmat zatlar bilen birlikde ýüpek hem alypdyrlar. “Ýüpek diplomatiýasy” birnäçe asyryň dowamynda hytaýlylaryň oýlap tapan bu geň usulyny öwrenen ýurtlaryň ählisinde gülläp ösüpdir. Bir ýarym müň ýyldan gowrak dowam eden Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy şundan başlanypdyr. Hytaý bilen Rimiň, Hindi bilen Rusuň arasyndaky ençeme ýoldan kimler geçdikä, äwmezek kerwenler bilen dag-u-çöl- beýewandan, derýa-deňizlerden aşyp, ýol geçenler kimlerkä? (2-nji surat). 

Ozaly bilen olar: ilçiler, täjirler hem-de syýahatçy-ýurt öwrenijiler bolupdyr. Täjirleri söwda gyzyklandyran bolsa, syýahatçy-bezirgenler nätanyş ýerleri köpräk öwrenip, dünýäni öwrenmegi we takyk geografik karta düzmegi maksat edinipdirler. Gündogar ýurtlarda hem, Günbatar illerde hem bu ugurdan tagalla bary edilipdir. Gury ýerden Aziýa üsti ýollar barada, meselem, rimli tanymal geografiýaçy Klawdiý Ptolomeý öz döwri üçin wajyp maglumat taýýarlapdyr. 160-180-nji ýyllarda ol özünden öň ýaşap geçen, ýöne işleri biziň günlerimize çenli saklanyp galmadyk gadymy grek kartografiýaçysy Marin Tirskiniň maglumatlaryndan peýdalanypdyr. Onda, hususan-da, makedoniýaly, ozaldan ata-baba kesbi täjirçilik bolan, öz adamlaryny has gadymy döwürlerde Günbatarda “serler ýurdy” diýlen Hytaýa iberen Maes Tisian ýatlanylyp geçilýär. Başga bir tarapdan, miladynyň V asyrynda “Kiçi Han nebereleriniň taryhy” atly hytaý senenamasynda baryp 98-nji ýylda, ýagny I asyryň ahyrynda imperator Hediniň Günbatar ülkedäki (häzirki Sinszýan) hökümdarynyň Rim imperiýasyna öz ilçisini iberendigi barada maglumat bar. 

Araplaryň gelmegi bilen VIII asyrdan başlap, täze diniň-Yslamyň Demirgazyk-Günbatar Afrikadan tä Semireçýä (Gazagystanyň günorta-gündogaryna) we Hindistanda Gang jülgesine çenli ýaýramagy netijesinde siwilizlenen dünýä dini ugurlara bölünipdir. Ýewropadyr Wizantiýada hristian dini agalyk etse, Hindistanda, Uzak Gündogarda we Günorta-Gündogar Aziýada buddaçylyk öňe çykypdyr. Taryhyň hut şu döwri—XIII asyrda mongol basybalyşy çozuşlary başlanýança halkara söwdasy we Beýik Ýüpek ýolundan gitmek babatda has amatly bolupdyr. 

Gadymy yklym üsti ýollar bilen birlikde sol ýüzýyllyklarda sebit ýollarynyň ähmiýeti hem ýokarlanypdyr, diňe bir begzadalaryň ulanan zynatlary däl, eýsem köpçülikleýin senet önümleri söwda edilýän harytlar bolupdyr. 

Geografik düşünjeleri artdyrmakda arap alymlarynyň we syýahatçylarynyň hyzmaty aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Häzirki Türkmenistanyň topragynda ýerleşen şäherlerdir obalary barada ilkinji anyk maglumatlar 922-nji ýylda arap halyfynyň Wolga Bulgariýasyna ilçihanasynyň syýahatyny Ibn-Fadlanyň beýan eden ýazgylarynda saklanyp galypdyr. Ýurdumyzyň Dehistan, Ürgenç, Şähryslam, Nusaý, Abiwerd, Sarags, Daňdanakan, Merw, Amul, Zemm (Kerki) ýaly taryhy şäherleri barada anyk maglumatlar IХ asyrda ýaşap geçen Ibn Hordabehiň we al-Ýakubynyň, Х asyr geografiýaçylary Kudamy ibn Jafaryň, al-Istahrynyň, al-Makdisiniň, Muhammet ibn al-Münewwer Mehneýiniň (ХI asyr), ХII asyryň ikinji ýarymynyň – ХIII asyryň birinji ýarymynyň awtorlary Ibn al-Asiriň, Muhammet an-Nesewiniň, şeýle hem pars taryhçylary Hamdallah Kazwininiň (XIV asyr), Hafiz-i-Abrunyň (XV asyr) we başga-da ençeme awtorlaryň işleriniň terjimelerinden bize mälim boldy. 

Sisiliýanyň patyşasy Rožer II-niň we arap geografiýaçysy Muahmmet al-Idrisiniň hyzmatdaşlygy netijesinde XII asyryň ortasynda peýda bolan karta şol döwrüň adamlarynyň gatnaşyklarynyň we gözýetiminiň giň bolanlygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Onuň dünýä kartasy bilen birlikde kümüşde haşamlanan ylmy işi iň gadymy döwürleriň we Orta asyrlaryň geografiýa ylmynyň naýbaşysy hasaplanylýar. Nemes taryhçysy Rihard Hening ol barada şeýle ajaýyp zatlary ýazýar: “Idrisi, gürrüňsiz, orta asyr arap geografiýasynyň daragtynyň iň ajaýyp gülüdir. Ptolomeýiň iň gadymy geografiýanyň ösüşini jemleýşi ýaly, Idrisi mongol çozuşlaryndan öňki eýýamyň geografiýasyny jemleýär, olar täze geografik açyşlara itergi beripdi”. 

Gaýry ýerlere howply ýollardan menzil aşýan her kerwende alymlardyr ilçiler bolmasa-da, ýeke kerwenem täjirsiz ýola çykmandyr. Hut şu ady nämälim galan syhaýatçylaryň tagallasy bilen bazarlarda gaýry ýurtlaryň harytlary peýda bolupdyr, köpsanly medreseleriň kitaphanalaryna Merw, Ürgenç, Buhara, Hyrat, Yspyhan, Bagdat ýa-da Kair ýaly iri ylym ojaklaryndan kitaplar getirilipdir. Bu hem esasan dürli haklaryň folklorynyň giňden ýaýramagyna ýardam edipdir, şo sebäplem häli-häzirem bir-birinden has alysdaky ýurtlarda hem ýordumy meňzeş henekler, ertekiler, dessanlardyr eposlar duş gelýär. 

Orta asyrlarda söwda esasan birnäçe topara bölünen asly täjirleriň elimde bolupdyr. Söwda düzgünleri we görnüşleri hakynda ylmy iş ýazan Abul-Fadl ibn Aly ad-Dimaşki täjirleri bezirgenlere, lomaý söwda edýänlere we harytlary ýurduň daşynda ýerleýänlere bölüpdir. Üstaşyr söwda girdejili bolupdyr, ýöne onda kynçylyklaram kän eken. Iň girdejilisi deňiz aşylyp edilýän söwda ekeni, ýöne onuň howpam ýeterlik bolupdyr; şonuň üçinem: “Deňizde bezirgeniň haýry topukdan, ýitgisi bokurdakdan” diýen söz bar eken. 

Iri we orta söwdagärler (bezirgenler bilen täjirler) bilen bir hatarda onuk söwdagärler- bazarylar hem bolupdyr. Soňky topara esasan öz elinden çykan harydyny ýerli bazarlarda satýan senetçi- söwdagär şäher ialty giripdir. Olar gök önümler, et, tüwi, şeker, hoşboý ysly we gaýry zatlary satýanlar eken. Olaryň aglabasy zordan güzeranyny dolandyrypdyrlar. 

Iri söwda dolanşygynda şertnamalaýyn geleşikler (muamala) ýörgünli bolupdyr. Täjirlerdir bezirgenler diňe bir nagtyna däl, eýsem harydy karzyna bermäge-de şertnama baglaşypdyrlar. Dini-ahllak taýdan unalmasa-da, bahasy galaryna umyt edilip, geçgini bolmadyk harytlar satyn alnypdyr. Öte çemeçil we açgöz söwdagärler harytlary, esasanam gallany gymmat satmak üçin satyn alyp goýupdyrlar. Alyp-satarlaryň adatça öz dükanlary bolup, olar kömekçileri saklapdyralr, olar işine görä hak (“şagirdana”) alypdyrlar. 

Dogrusy, Gurhana we şerigata ters gelse-de, söwdada göterimine pul bermäge-de ýol berlipdir. Orta asyrlarda hat-da arassa söwdanyň ahlak taglymaty-da bolupdyr, onda Yslam diniň täsiri güýçli duýlupdyr. Yslam alymlary we hukuk kanunlaryny öwredijiler harytlary rugsat edilen–halal, gadagn edilen –haram we unalmaýan–mekruh ýaly toparlara bölüpdirler. Ýazgarylmagyna we unalmaýandygyna garamazdan, tutuş Gündogar musulman ymmatynda sarf söwdada we alyş-çalyşda ýörgünli bolupdyr. Suftaja diýilýäni—harydy başga ýerde satmak üçin öz hasabyna äkitmek şerti bilen nesýe bermek hem giňden ýaýrapdyr. Nagt däl-de, töleg haty, şeýle hem karz beriji bilen bergidaryň ylalaşygy boýunça bergini geçirmek (hawalat) hem söwdada ualnylypdyr. Geleşikler kanuny taýdan resmileşdirilipdir, ýöne täjirler zerury çykanda ýüz öwrere gaçybatalga gözläp, dilhaty bermekden gaça durupdyrlar. 

Söwdada gaýry ýurtlaryň pullaryny çalyşmak köp ualnylypdyr, ony ýörüte serraplar ýerine ýetiripdirler. Seljuklar döwründe Merwde serraplar mähellesi bolupdyr, şol döwrüň edebiýatynda olar barada ýazgylar saklanyp galypdyr. Iri serraplaryň arasynda jöhütler köp bolupdyr, olaryň bileleşigi Orta Aziýanyň we Eýranyň şäherleriniň birnäçesinde bar eken. Yspyhan jöhütleriniň halkara söwdasyny edendikleri we olaryň Bagdadyň bank edaralary bilen ýakyn gatnaşykda bolanlygy mälimdir.

Aýratyn-da beýleki ýurtlar bilen söwda eden täjirler şereketlere birleşipdirler. XI-XII asyrlaryň ýazuw çeşmelerinde haryt söwdasynda aýratyn şereketleriň bolandygy agzalýar. Olaryň agzalarynyň arasyndaky gatnaşyklar adatça şertnama bilen düzgünleşdirilipdir, onda goşulan maýanyň, degişlilikde –girdejiniň hem möçberi görkezilipdir. Barjamly emeldarlar, gurply begzadalar şeýle bileleşikleriň paýçylary bolsa-da, olaryň işi esasan wekillerini kerwene goşup ugradýan ýa-da özi dürli ýurtlara gidýän täjirlere bagly bolupdyr. Iri söwdagärler bilen birlikde olaryň arasynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlary alyp-satar ortaça ýaşaýan söwdagärler hem bar eken. “Baştutanlaryň” (mälik at-tüçjarlaryň) ýolbaşçylyk edýän baý hem abraýly şereketleri Gündogar ýurtlarynyň birnäçesinde tutuş söwdany öz elinde saklapdyr. 

Bar zat ýüpekden başlanypdyr, indi welin onuň meňzetme bolmagam mümkin, biz onuň kömegi bilen diňe bir bireýýämki döwri beýan etmän, eýsem iki müň ýyl töweregi mundan ozal kemala gelen yklymara ýollary bolan dünýä taryhynyň üýtgeşik özboluşly döwrüni täzeden dikeldýäris. Ol ozal Köne Dünýäniň bir-birinden üzňe Gündogarda Hytaý we Günbatarda Orta deňiz medeniýetlerini baglanyşdyrypdyr, Orta Aziýa ýurtlaryny we halklaryny öz çägine çekip, olaryň gülläp ösmegine ýardam edipdir hem-de XXI asyra biziň taryhymyzyň bir bölegi we Beýik Ýüpek ýolunyň sebitindäki her bir döwletiň milli baýlygy bolup giripdir.