Ministrlik barada

  • 30 Dekabr 2017

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:
“Sebitde köpugurly ulag geçelgeleriniň döredilmegi sebitiň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini amala aşyrmaga, şonuň bilen birlikde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmäge, ählumumy durmuş-ykdysady ösüşe ýardam eder”.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen gurulýan – yklymlary we halklary birleşdirýän ýollaryň diňe bir biziň ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş dünýäniň ösüşli geljegine alyp barýandygy jedelsizdir. Esasy bellemeli zat şeýle: täze ýollar dünýä döwletleri we halklary bilen işjeň we özara bähbitli hyzmatdaşlygy, dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge hyzmat eder.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda ýaýbaňlanan özgertmeleriň çäklerinde ulag düzüminiň düýpli we toplumlaýyn ösdürilýändigi buýsançlydyr. Sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmegiň, ählumumy durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmegiň biziň milli Liderimiziň başlangyçlary bilen amala aşyrylýandygyny bütin dünýäde bilýärler. 
Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýolunyň taslamasyda Gahryman Arkadagynyzyň Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmäge we herekete girizmäge gönükdirilen deňsiz-taýsyz başlangyjy hökmünde halkara derejede giňden goldanyldy.
Eýýäm häzirki wagtda yklymyň söwda ýollarynyň çatrygynda kuwwatly üstaşyr merkeziň döredilendigine dünýä şaýat. Munuň şeýledigine möhletinden öň tamamlanan, bu gün bolsa dabaraly ýagdaýda açylan polat ýoluň gurluşygy şaýat. Bu halkara demir ýoluň ulanylmaga berilmegi ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyga kuwwatly täze itergi berer. Munuň özi diňe bir goňşy ýurtlaryň arasynda däl, eýsem, tutuş Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri döreder we sebit hem-de ählumumy möçberlerde söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam eder.