Türk­me­nis­tan­da oba sag­ly­gy go­raý­şy — hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ň de­re­je­sin­de

  • 28 Dekabr 2017

Şu gün Ka­ka et­ra­by­nyň Du­şak şä­her­çe­sin­de «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­larda­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2020-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin re­je­le­nen görnüşdäki Mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň» dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň çäk­le­rin­de bi­na edi­len ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça ýö­ri­te­leş­di­ri­len luk­man­çy­lyk top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy.

Da­ba­ra et­ra­byň do­lan­dy­ryş eda­ra­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, ýer­li ýa­şaý­jy­lar gat­naş­dy­lar. Ola­ry tä­ze dur­muş des­ga­sy­nyň ulan­ma­ga tab­şy­ryl­ma­gy bi­len gut­la­ma­ga Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry gel­di­ler.

Da­ba­ra däp bo­ýun­ça aý­dym-saz­ly çy­kyş­lar­dan baş­lan­dy: be­ze­len Tä­ze ýyl ar­ça­sy­nyň tö­we­re­gin­dä­ki meý­dan­ça­da aý­dym­çy­lar hem-de et­ra­byň dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry bu wa­ka ba­gyş­lap taý­ýar­lan aý­dym-saz­ly, tans­ly çy­kyş­la­ry­ny gör­kez­di­ler.

Res­mi açy­lyş da­ba­ra­syn­da hor­mat­ly myh­man­lar, il sy­lag­ly ýa­şu­lu­lar hem-de kü­müş saç­ly ene­ler halk ba­ra­da­ky yzy­gi­der­li ala­da­sy üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýü­rek­den çyk­ýan ho­şal­lyk söz­le­ri­ni aýt­dy­lar. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da kuw­wat­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti hem-de dün­ýä­de uly ab­ra­ýy bo­lan döw­le­te öw­rül­di. “Sag­lyk” Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýan sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň ös­dü­ril­me­gi döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň dur­muş ugur­ly sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry bo­lup dur­ýar. Şä­her­ler­de we oba­lar­da gur­lan, ila­ta ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän iň döw­re­bap ýo­ka­ry teh­no­lo­gik en­jam­lar bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan tä­ze-tä­ze luk­man­çy­lyk mer­kez­le­ri al­nyp ba­ryl­ýan şol iş­le­riň yzy­gi­der­li­di­gi­niň we üs­tün­lik­li­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ryň öňün­de Mej­li­siň ka­da-ka­nun­çy­lyk ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy Ser­dar Berdimuhamedow çy­kyş edip, jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy go­raý­şyň ösüş de­re­je­si­niň ila­tyň ýa­şaý­şy­nyň hi­li­niň, döw­let gur­lu­şy­nyň nus­ga­sy­nyň we dur­muş sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­li­li­gi­niň esa­sy gör­ke­zi­ji­le­ri­niň bi­ri­di­gi­ni nyg­ta­dy. Bu ul­gam­da döw­le­tiň alyp bar­ýan işi­niň özeninde yn­san­per­wer öl­çeg­lere gym­mat­ly ma­ny-maz­mu­ny ber­ýän baş ala­mat­lar dur­ýar. Ol bol­sa “Il sag­ly­gy — ýurt baý­ly­gy” di­ýen dü­şün­je bi­len kes­git­le­nil­ýär.

Ila­tyň zäh­me­te ukyp­ly­ly­gy bi­len gö­nü­den-gö­ni bag­la­ny­şyk­ly bo­lan onuň sag­lyk ýag­da­ýy­nyň, umu­man, döw­le­tiň yk­dy­sa­dy iş­jeň­li­gi­ne tä­sir ed­ýän­di­gi gür­rüň­siz­dir. Ýö­ne türk­men döw­le­ti­niň Baş­tu­ta­ny Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ra­ýat­la­ry­nyň sag­ly­gy ba­ra­da­ky ala­da­sy­nyň esa­syn­da di­ňe bir oý­la­ny­şyk­ly halk ho­ja­lyk mak­sat­la­ry dur­man, eý­sem, il­kin­ji no­bat­da, her bir ada­myň sag­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge, öz wag­tyn­da luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­ny al­ma­ga, ila­tyň äh­li gat­lak­la­ry­nyň ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ne deň el­ýe­ter­li­li­ge bo­lan aý­ryl­maz we mi­ze­mez hu­ku­gy dur­ýar.

Mu­nuň özi “Sag­lyk” Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň yn­san­per­wer ugur­ly­ly­gy­dyr. “Sag­lyk” Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň düýp ma­ny­sy ila­tyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak me­se­le­le­ri­niň di­ňe bir luk­man­çy­lyk ul­ga­my­na de­giş­li bo­lup gal­ma­gyn­dan çy­kyp, esa­syn­da adam, onuň aba­dan­çy­ly­gy, my­na­syp ýa­şaý­şy du­ran dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň äh­li ta­rap­la­ry­ny we ugur­la­ry­ny öz içi­ne alyp, jem­gy­ýet­çi­lik, döw­let hem-de şah­sy ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň de­re­je­si­ne çy­kan wag­ty Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de giň­den açyl­dy.

Öz kär­deş­le­ri­niň adyn­dan çy­kyş eden luk­man­la­ryň nyg­taý­şy ýa­ly, pu­da­ga ýo­ka­ry hü­när de­re­je­li iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak, yg­ty­ýa­ryn­da iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar we en­jam­lar bo­lan luk­man­la­ryň hü­när de­re­je­si­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­mak üçin şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­niň ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­raý­şy­nyň dün­ýä möç­be­rin­de ga­za­ny­lan­la­ryň de­re­je­si­ne çyk­ma­gy­nyň mö­hüm ýag­da­ýy bo­lan­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar. Ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak we ola­ra gö­zeg­çi­lik et­mek bo­ýun­ça ul­gam­la­ýyn çä­re­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­ni hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi, şol san­da Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan yk­rar edi­len we ýo­ka­ry ba­ha ber­len anyk gör­ke­zi­ji­ler bi­len tas­syk­la­nyl­dy. Şun­da oba luk­man­çy­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne uly üns be­ril­ýär.

Jem­gy­ýet­çi­li­giň we­kil­le­ri hem öz çy­kyş­la­ryn­da hal­kyň saý­lan­la­ry­nyň — Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry­nyň mil­li Li­de­ri­mi­ziň öz­gert­me­le­ri­ni öňe iler­let­mek­de hem-de ýer­ler­de dur­muş me­se­le­le­ri­niň çö­zül­me­gin­de go­şan­dy­ny bel­le­di­ler. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne Du­şak şä­her­çe­sin­dä­ki tä­ze luk­man­çy­lyk mer­ke­zi su­but­na­ma bol­dy. Şeý­le eda­ra­nyň dö­re­dil­me­gi par­la­ment­de Ahal we­la­ýa­ty­nyň 24-nji saý­law ok­ru­gy­nyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň bäh­bit­le­ri­ne we­kil­çi­lik ed­ýän Ser­dar Berdimuhamedowdan yh­las­ly­ly­gy­ hem-de mak­sa­da ok­gun­ly­ly­gy­ ta­lap et­di.

Bu ýe­re ýyg­na­nan­lar bu ke­sel anyk­la­ýyş-öňü­ni alyş eda­ra­sy­nyň açyl­ma­gy­nyň dur­muş äh­mi­ýet­li wa­ka­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar, çün­ki oba ýa­şaý­jy­la­ry ozal­lar bar­lag­dan geç­mek üçin wagt­la­ry­ny we se­riş­de­le­ri­ni sarp edip, paý­tag­ta git­mä­ge mej­bur bol­ýar­dy­lar. Sag­lyk eda­ra­sy­ny gur­mak­dan we en­jam­laş­dyr­mak­dan baş­ga-da, ony iş­gär­ler bi­len üp­jün et­mek we­zi­pe­si hem çö­zül­di. Bu bol­sa ila­tyň ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ne el­ýe­ter­li­li­gi­ni art­dyr­dy.

Soň­ra baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­sy sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­sy­nyň gur­lu­şy­gyn­da ta­pa­wut­la­nan iş­gär­le­re Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň adyn­dan sow­gat­la­ryň gow­şu­ryl­ma­gy bi­len do­wam et­di. Türk­men toý­la­ry­na mah­sus bol­şy ýa­ly, da­ba­ra gat­naş­ýan­la­ryň äh­li­si­ne duz-ta­gam hö­dür edil­di.

Şow­hun­ly el çar­pyş­ma­lar as­tyn­da tä­ze luk­man­çy­lyk mer­ke­zi­niň baş gi­rel­ge­sin­de toý ba­gy ke­sil­di. Şol pur­sat as­ma­na ho­wa şar­la­ry uçu­ryl­dy.

Da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar baş bi­na gi­rip, iş­gär­le­riň iş­le­me­gi hem-de adam­la­ry ka­bul et­mek üçin bu ýer­de dö­re­di­len şert­ler bi­len ta­nyş­dy­lar.

Tas­la­ma­ny Ahal we­la­ýa­ty­nyň düýp­li gur­lu­şyk bö­lü­mi­niň bu­ýur­ma­sy bo­ýun­ça “Suh­rab” hu­su­sy kär­ha­na­sy ama­la aşyr­dy. Has­sa­ha­na 375 or­na ni­ýet­le­nip, on­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň hem-de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň ila­ty­na ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki ýö­ri­te­leş­di­ri­len luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ni ber­mek üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr.

Has­sa­ha­na­nyň 110 orun­lyk esa­sy bi­na­syn­da rea­ni­ma­si­ýa, ope­ra­si­ýa, ka­bul ediş-anyk­la­ýyş bö­lüm­le­ri bo­lup, bar­lag­ha­na­la­ry hem-de ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça 55 orun­lyk bö­lü­mi özün­de jem­le­ýär. Şeý­le hem na­har­ha­na we kir ýu­wu­jy bö­lüm bar. Mun­dan baş­ga-da, ýe­ne-de iki gat­ly bi­na­la­ryň üçü­si gu­rul­dy. Olar­da ça­ga we beý­le­ki bö­lüm­ler, do­lan­dy­ryş bi­na­sy ýer­leş­di­ril­di. Teh­ni­ki top­lum­lar: aw­to­du­ral­ga, trans­for­ma­tor, ka­bel, ga­lyn­dy­la­ry zy­ýan­syz­lan­dyr­mak üçin des­ga­lar gu­rul­dy. Has­sa­ha­na­nyň dur­muş üp­jün­çi­li­gi­ne ni­ýet­le­nip, agyz su­wy üçin uzyn­ly­gy 14 ki­lo­metr bo­lan suw ge­çi­ri­ji, ­şeý­le hem uzyn­ly­gy 7,5 ki­lo­metr bo­lan elekt­rik ge­çi­ri­ji çe­kil­di, ze­rur bo­lan in­že­ner­çi­lik-ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry bi­na edil­di.

Ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça ýö­ri­te­leş­di­ri­len luk­man­çy­lyk top­lu­my Ger­ma­ni­ýa­da, Şweý­sa­ri­ýa­da, Ita­li­ýa­da, Fran­si­ýa­da, ABŞ-da ön­dü­ri­len teh­ni­ki we luk­man­çy­lyk en­jam­lary hem-de sag­ly­gy go­ra­ýyş mak­sat­ly se­riş­de­ler bi­len en­jam­laş­dy­ryl­dy.

My­sal üçin, şöh­le bi­len anyk­la­ýyş bö­lü­min­de mag­nit-re­zo­nans to­mog­ra­fy­nyň kö­me­gi bi­len ke­se­li ta­kyk anyk­la­mak üçin hem­me şert­ler dö­re­dil­di. Bar­lag ge­çir­me­giň şeý­le usu­ly­nyň gym­mat­lyly­gy adam üçin do­ly di­ýen ýa­ly zy­ýan­syz bol­ma­gyn­da­dyr. Bö­lüm­de bar­lag­la­ryň giň top­lu­my ge­çi­ril­ýär hem-de ýüz tut­ýan­la­ra has oňaý­ly bol­ma­gy üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­di.

MRT-anyk­laý­şyň kö­me­gi bi­len bir­nä­çe ke­sel­le­ri ýü­ze çy­kar­mak bol­ýar. Bu­lar dür­li so­wuk­la­ma ýag­daý­la­ry we çiş­ler, gan aý­la­nyş we nerw ul­gam­la­ryn­da­ky me­se­le­ler­dir, oňur­ga­nyň we bo­gun­la­ryň agy­ry­la­ry hem-de beý­le­ki­ler­dir. Köp ýag­daý­da bu usul di­ňe bir pa­to­lo­gi­ýa­ny ýü­ze çy­kar­ma­ga däl, eý­sem, onuň ge­lip çy­ky­şy­ny anyk­la­ma­ga we de­giş­li­lik­de, öz wag­tyn­da dog­ry be­jer­gi­ni kes­git­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Mu­nuň özi we­la­ýa­tyň ila­ty­nyň bar­lag­dan ge­çi­şi­ni go­wu­lan­dyr­ma­ga hem-de ke­sel­le­ri has ir­ki dö­wür­le­rin­de ýü­ze çy­kar­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.

Kli­ni­ki bar­lag­ha­na­da umu­my, im­mu­no­fer­ment, bio­hi­mi­ýa, se­ro­lo­gi­ýa, pa­ra­zi­to­lo­gi­ýa, bak­te­rio­ko­pi­ýa we mo­le­kul­ýar-ge­ne­ti­ki bar­lag­lar ge­çi­ril­ýär. Gan ban­ky hem dö­re­di­lip, ol ýer­de plaz­ma taý­ýar­la­mak, erit­ro­si­tal ag­ram, ga­nyň to­pa­ry­ny kes­git­le­mek we re­zus-ýag­daý üçin äh­li şert­ler dö­re­di­lip­dir.

Rea­ni­ma­si­ýa we anes­te­zio­lo­gi­ýa bö­lü­min­de gaý­ra­go­ýul­ma­syz kö­mek ber­mek we has­sa­la­ry be­jer­mek üçin hem­me müm­kin­çi­lik­ler bar. Ope­ra­si­ýa ediş, mas­la­hat be­riş-anyk­la­ýyş bö­lü­mi hem-de ýa­tym­la­ýyn otag­lar aja­ýyp gör­nüş­de en­jam­laş­dy­ry­lyp­dyr. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, bu ýer­de be­jer­gi al­ýan ça­ga­lar bi­len okuw geç­mek üçin ders otag­la­ry hem en­jam­laş­dy­ryl­dy. Par­ta­lar­dan, owa­dan gör­kez­me es­bap­lar­yndan hem-de okuw se­riş­de­le­rin­den baş­ga-da, ça­ga­lar üçin okuw mak­sat­na­ma­la­ry bo­lan net­buk­lar gur­nal­dy. Mek­dep­de be­ril­ýän ders sa­gat­la­ry­ny syp­dyr­man öz­leş­dir­mek­de ter­bi­ýe­çi ola­ra kö­mek eder. Net­buk­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sow­ga­dy­dyr.

Mer­ke­ziň çäk­le­rin­de gi­je-gün­diz iş­le­ýän der­man­ha­na hem açyl­dy. Tä­ze has­sa­ha­na­da tiz luk­man­çy­lyk kö­me­gi gul­lu­gy­nyň işi hem ýo­la go­ýul­dy. Mu­nuň üçin ýö­ri­te aw­tou­lag sa­tyn alyn­dy.

Du­şak şä­her­çe­si­niň sag­lyk mer­ke­zi­niň luk­man­la­ry Tä­ze ýy­la aja­ýyp sow­gat üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, berk jan sag­lyk, uzak ömür hem-de türk­men hal­ky­nyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan işin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di­ler.

Maş­ga­la luk­man­çy­ly­gy­ny, sag­ly­gy go­ra­ýy­şyň il­kin­ji kö­mek be­riş ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň çäk­le­rin­de hem oba­da uly iş­ler ge­çi­ril­di we ama­la aşy­ryl­ma­gy do­wam ed­ýär. Ýur­du­my­zyň se­bit­le­rin­de tä­ze sag­lyk öý­le­ri­niň ýüz­ler­çe­si gu­rul­dy, ola­ryň äh­li­si hal­ka­ra öl­çeg­le­re ky­bap gel­ýän hem-de ke­se­li tiz anyk­la­ma­ga, ke­se­liň agyr­laş­ma­gy­ny we çyl­şy­rym­laş­ma­gy­ny öňün­den duý­dur­ma­ga, öz wag­tyn­da be­jer­gi ge­çir­mä­ge hem-de has­sa­la­ryň ýaşaýyş dur­mu­şy­nyň hi­li­ni sak­la­mak we ömrüni uzalt­mak üçin şert­le­ri dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän döw­re­bap en­jam­lar bi­len üp­jün edil­di.

Şeý­le­lik­de, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan al­nyp ba­ryl­ýan oba sag­ly­gy go­ra­ýyş öz­gert­me­si öz anyk ne­ti­je­le­ri­ni ber­ýär. Bu­lar ul­ga­myň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň gi­ňel­dil­me­gi we döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­dyr, öňü­ni alyş iş­le­ri­ni ge­çir­me­gi öz içi­ne al­mak­da köp­çü­li­giň gat­naş­ma­gy­nyň art­ma­gy­dyr, ýer­leş­ýän ýe­ri­niň ýa­kyn­laş­ma­gy bi­len ýo­ka­ry hü­när de­re­je­li luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň has do­ly el­ýe­ter­li­li­gi­dir, oba­da­ky sag­lyk eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­ler bi­len üp­jün edil­me­gi­dir.

Oba ila­ty­na luk­man­çy­lyk kö­me­gi­niň be­ril­me­gi­niň döw­re­bap gu­ra­ly­şy ol ýa-da beý­le­ki we­la­ýa­tyň döw­let ösü­şi­niň stra­te­gik ugur­la­ryn­da se­riş­de­le­ri has ne­ti­je­li peý­da­lan­mak mak­sa­dy bi­len onuň ösüş aý­ra­tyn­ly­gy­ny na­zar­da tut­ýan top­lum­la­ýyn mil­li we se­bit­le­ýin mak­sat­na­ma­la­ryň çäk­le­rin­de bo­lup geç­ýär.

Şeý­le­lik bi­len, ama­la aşy­ryl­ma­gy­na örän uly se­riş­de­ler, ma­ýa go­ýul­ýan «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­larda­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2020-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin re­je­le­nen görnüşdäki Mil­li mak­sat­na­ma­sy» oba ýer­le­ri­niň saz­la­şyk­ly ösü­şi­ni üp­jün et­mek, ra­ýat­la­ryň, şol san­da ýaş maş­ga­la­la­ryň we ýaş hü­när­men­le­riň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak, ilat­ly ýer­ler­de umu­my­bi­lim ber­ýän hem-de be­je­riş-öňü­ni alyş eda­ra­la­ry­nyň ul­ga­my­ny ösdürmek dur­muş we in­že­ner­çi­lik dü­züm­le­ri­niň des­ga­la­ry­ny gur­mak we­zi­pe­le­ri­ni çöz­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bu ul­gam­da­ky stra­te­gi­ýa­sy ada­myň dur­mu­şy üçin sag­dyn­ly­gy do­ly ke­ma­la ge­ti­rmek işine döw­let do­lan­dy­ry­ly­şy­nyň äh­li ugur­la­ry­ny çek­mä­ge esas­lan­ýar. On­da tu­tuş öm­rü­niň do­wa­myn­da ada­myň sag­ly­gy­nyň ber­ki­dil­me­gi­ne, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­k luk­man­çy­lyk kö­me­gi­niň el­ýe­ter­li bol­ma­gyn­da dur­muş deň­li­gi­niň ga­za­nyl­ma­gy­na hem-de jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy go­raý­şyň kuw­wa­ty­nyň güýç­len­di­ril­me­gi­ne esa­sy üns be­ril­ýär. Bu bol­sa öz sag­ly­gyň we tö­we­rek­dä­ki­le­riň sag­ly­gy üçin jo­gap­kär­çi­lik ba­bat­da öň­ki dö­wür­ler­dä­ki­den has giň hu­kuk­la­ry we müm­kin­çi­lik­le­ri göz öňün­de tut­ýar.

Luk­man­çy­lyk ul­ga­my­na ma­ýa goý­ma­gyň hem-de sag­ly­ga ga­dyr go­ýul­ýan jem­gy­ýe­ti dö­ret­me­giň ze­rur­dy­gy­ny esas­lan­dy­ryp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow şeý­le pi­ki­ri öňe sür­ýär: adam­la­ryň oňat sag­ly­gy ýur­duň yk­dy­sa­dy we dur­muş taý­dan ösü­şi üçin örän mö­hüm­dir. Şu hem mil­li Li­de­ri­mi­ziň alyp bar­ýan tu­tuş dur­muş sy­ýa­sa­ty­nyň, ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ý­şy­ny öz­gert­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň esa­syn­da goý­lan­dyr.