Ýük daşamak

  • 12 Noýabr 2017

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy

ÝÜKLERI AWTOULAGDA  DAŞAMAK HAKYNDA HYZMATLAR

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 1-nji aprelindäki № 14681 belgili karary bilen tassyklanan, Ýükleri awtoulagda daşamak hakyndaky düzgünler boýunça, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýukleri awtoulagda daşamagyň  görnüşleri barada ýagny, awtoulagda ýükleri daşamak içerki daşamalar we daşary ýurt döwletleriň arasynda şeýle hem üstiaşyr gatnaw arkaly daşalýan halkara daşamalaryna bölünýär.

Içerki daşamalar awtoulag serişdesinde ýükleri daşamagyň ýerli we şäherara daşamalaryna bölünýär:

  1. Ýerlei daşamalara - (şäher we şäher ýaka daşamalar) 70 km aralykda ýerine ýetirilýän daşamalar hasaplanýar.
  2. Şäherara daşamalara - 70 km den geçen aralykda ýerine ýetirilýän awtoulagda ýük daşamalar hasaplanýar.
  3. Halkara ýükleri daşamak  bellenilen tertipde ýurtlaryň arasyndaky ylalaşygy bilen awtoulagda daşalýan ýükler hasaplanýar.

 

Awtoulagda ýükleri daşamagyň hil görnüşleri ýükleriň görnüşine görä:

 

  1. Gaplama görnüşili ýükler.
  2. Bölek ýükler.
  3. Uly gabaraly ýükler.
  4. Has uly gabaraly ýükler.
  5. Agramly ýükler.
  6. Agramy has artykmaç ýükler.
  7. Howply ýükler. (talaba laýyklykda rugsatly)

 

Awtoulagda ýükler daşalanda daşalýan:

  1. Ýükleri ugratmak.
  2. Ýükleri kabul etmek.
  3. Ýükleri ýüklemek.
  4. Ýükleri düşürmek.

 

Ýükleri daşamakda Buýrujynyň, ýük alyjynyň we ýükleri awtoulag serişdesinde daşaýjynyň jogapkärçiligi bardyr.

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary minstrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy

Biziň salgymyz: Aşgabat ş. Amangeldi Gönibek köçe 70 jaý. tel - 76-04-36, faks - 76-04-81, 76-04-56.